Kishore Kumar Hits

Swizzy347 - Düýşüme Girdiň lyrics

Artist: Swizzy347

album: Düýşüme Girdiň


Bu gije düýşüme girdiñ (düýşüme girdiñ)
Bilemok nirde sen, ýöne men giç ýatdym irden (giç ýatdym irden)
Bilýän günäli men, näçe ýaş akdy gözleriñden
Men ýene gözlegiñde
Keşbiñ göz öñümden gidenok (gidenok)
Git indi ýa-da gal
Çykarda zyñ ya-da içiñe sal
Durmuşymda ýitirdim many
Islämok sensiz ýaşamany
Beset indi aglamany
Saña barýan ýollarym dumanly
Señ gözleriñe çümýän umman
Bir zatlar gürle dymman
Ýöne dymman, ýöne dymman
Sen soñky demde howam
Sen hemme derde derman (ey)
Dermanym
Bilemok nämeden başlap soñlajagymy, ey
Ýalañaçladyñ duýgularymy, yeah
Diýme entäk ir, gel gujagyma gir
Parhy ýok gijemi gündiz
Men ýene gapyñda kak-kakyp duryn
Közüñe bişirip meni ýak-ýakdyñ
Saña duşup ýitirdim men aklym
Azaşa azaşa ahyry seni tapdym
Gel maña, gitme hiç
Gal ýanymda, her gije
Sen bilen el ele, deñ deñe
Sen diñe sen diñe
Adyñy goşaryn bendime
Sen düşünjek ýeke derdime
Sen ýeke derdimem
Ýitirdim erkimem
Özümi saklamak kyn şeýle
Sensizlik kyn şeýle
Many ýok sen bolmasañ
Men Mejnunmy sen Leýli?
Söýüp bolar öýdemokdym beýle
Ýöne dünýämi ters çöwürdiñ baş aşak
Seň bilen uçsam ýokary ýa düşsem aşak
Parhy ýok
Sen ýanymda bolsañ ýeter
347

Поcмотреть все песни артиста

Other albums by the artist

IR

2023 · single

Similar artists